https://turkmensport.com/habarlar/turkmenistanyn-kubogy-ugrundaky-yarysyn-bijeleri-cekildi/Pj8mhxwb213TTIB.jpg

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda, futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynyň bijeleri çekildi. Bu gezekki bäsleşige Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 8-si (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Aşgabat”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Merw”, “Energetik”, “Köpetdag”) gatnaşar. Bu barada federasiýanyň resmi saýty habar berdi.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýek finalynyň birinji duşuşyklary 9-njy, jogap oýunlary bolsa 21-nji sentýabrda geçiriler.

Kubok ugrundaky bäsleşigiň ýarym final duşuşyklary 26-njy oktýabrda hem-de 22-nji noýabrda oýnalar. Final oýny bolsa 11-nji dekabrda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, “Energetik” – “Şagadam”/“Köpetdag” – “Aşgabat” hem-de “Altyn Asyr” – “Nebitçi”/“Ahal” – “Merw” jübütleriniň arasyndaky ýeňijiler ýarym finalda özara duşuşarlar.

Tertipde birinji görkezilen toparlar ilkinji duşuşyklaryny öz meýdançasynda geçirerler.

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň 1/4 çärýek finalynyň birinji duşuşyklary:

Oýun 1. 9-njy sentýabr “Energetik” – “Şagadam”

Oýun 2. 9-njy sentýabr “Köpetdag”– “Aşgabat”

Oýun 3. 9-njy sentýabr “Altyn Asyr” – “Nebitçi”

Oýun 4. 9-njy sentýabr “Ahal” – “Merw”

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň 1/4 çärýek finalynyň jogap duşuşyklary:

Oýun 5. 21-nji sentýabr “Şagadam” –“Energetik”

Oýun 6. 21-nji sentýabr “Aşgabat” – “Köpetdag”

Oýun 7. 21-nji sentýabr “Nebitçi” – “Altyn Asyr”

Oýun 8. 21-nji sentýabr “Merw” –“Ahal”.