https://turkmensport.com/habarlar/turkmenistanyn-kubogy-2022-altyn-asyr-nebitcini-yene-gollaryn-yagmyryna-tutdy/PrZCiHF7FnEx788.jpg

«Altyn asyr» Türkmenistanyň kubogynyň çärýek finalynyň Balkanabat şäherinde geçirilen jogap duşuşygynda hem «Nebitçä» garaşylmadyk netijäni gazanmaga mümkinçilik bermedi. Ilkinji duşuşykda Aşgabatda 4:0 hasabynda ýeňiş gazanan «aragatnaşykçylar» düýn Balkanabadyň 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen duşuşykda hem «Nebitçiniň» garşysyna jogapsyz üç pökgi geçirdiler.

Şeýlelikde, «Altyn asyr» iki duşuşygynda «Nebitçini» 7:0 hasabynda ýazyp, ýarym finalda «Ahalyň» garşydaşy boldy. Ýarym final duşuşyklarynyň ilkinjisi 26-njy oktýabrda, ikinjisi bolsa tas bir aý soň ― 22-nji noýabrda bolar. Bu bolsa futbol janköýerleriniň şu möwsümde dört däl-de, alty gezek Türkmenistan derbisine tomaşa edip biljekdiklerini buşlaýar.

«Nebitçi» – «Altyn asyr» – 0:3

Gollar: 14 Wezirgeldi Ylýasow, 56, 60 Ahmet Ataýew.

Duýduryşlar: 28 Muhammet Annaýew, 82 Seýitmämmet Hojamämmedow – 62 Selim Ataýew, 74 Ruslan Täjiýew.

Bellik: duşuşygyň 82-nji minutynda Myrat Ýagşyýew 11 metrlik jerime urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)