https://turkmensport.com/habarlar/turkmenistanyn-futzal-yygyndysy-bakuwda-yoldaslyk-dususyklaryny-gecirer/ka2wjoDr6ZfqAlK.jpg

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Baku şäherinde Azerbaýjanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer.

«Azerisportuň» ýazmagyna görä, birinji duşuşyk 17-nji, ikinjisi 19-njy awgustda bolar.

Dünýä reýtinginde Azerbaýjanyň ýygyndysynyň 13-nji, türkmen futzalçylarynyň bolsa 64-nji orny eýeleýändigini ýatladýarys.

Bu ýoldaşlyk duşuşyklary, Türkmenistanyň ýygyndysy üçin Aziýanyň kubogyna taýýarlygyň möhüm tapgyryna öwrüler. Yklym ýaryşy 27-nji sentýabr ― 8-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriler.