https://turkmensport.com/habarlar/turkmenistanyn-futzal-yygyndysy-bakuwda-ilkinji-yoldaslyk-dususygyny-gecirdi/Fo8mzLGEPzaKjb4.jpg

Futzal boýunça geçiriljek Aziýa Kubogy – 2022-niň final tapgyryna taýýarlygyň çäginde Baku şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän ýurdumyzyň milli ýygyndysy ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Baku şäherindäki “Olimpik Star” sport toplumynda geçirilen duşuşykda ýygyndymyz ýerli “Baku Fire FK” toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren ýeke-täk topy Gylyçmyrat Gylyçmyradow öz adyna ýazdyrdy.

Ýygyndy toparymyz okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda ýene-de iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Guwanç Kanaýewiň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler toparynyň, geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna hem-de Aziýa Kubogy-2022-niň final tapgyrynda çykyş etmek üçin Naýbaşy futzal ligasynda çykyş edýän futzalçylaryň 14-sini (2 derwezeçi, 12 oýunçy) çagyrandygyny bellemek gerek – Meretgeldi Baýramow (derwezeçi), Şiri Baýramdurdyýew, Kadyr Berenow, Gylyçmyrat Gylyçmyradow, Allamyrat Gurbanow, Danil Pançenko, Maksat Soltanow (hemmesi “Deňizçi”), Berdimyrat Sapardurdyýew (derwezeçi), Mülkaman Annagulyýew, Kerwen Annaorazow, Watan Ataýew, Maksat Myradow, Gurbangeldi Sähedow (hemmesi “Köpetdag”), Röwşen Orazmuhammedow (“Gümrükçi”).

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy okuw-türgenleşigi tamamlanansoň, 23-nji sentýabrda yklym ýaryşynyň geçirilýän ýeri bolan Kuweýt döwletine ugur alar.

Ýygyndy toparymyz 27-nji sentýabr bilen 8-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogy-2022-niň final tapgyrynda “B” toparçada çykyş eder.