https://turkmensport.com/habarlar/turkmenistanyn-futzal-yygyndysy-aziyanyn-kubogynyn-geciriljek-yerine-bardy/kZMYZKSdx2M6jgi.jpg

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy göni uçar gatnawy arkaly Azerbaýjandan Kuweýte bardy. Bu ýerde türkmen ýygyndysy ertir başlajak Aziýa kubogynyň final tapgyryna gatnaşar.

Türkmenistanly futzalçylar yklym ýaryşyna El-Kuweýt şäherinde taýýarlyk görýär.

Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryş 27-nji sentýabr ― 8-nji oktýabr aralygynda geçiriler. Oňa saýlama tapgyrlarda üstünlikli çykyş eden 16 ýygyndy gatnaşýar. Ýygyndy toparlar öňünden geçirilen bije çekişlik esasynda dört toparça bölündiler. Türkmen ýygyndysynyň yklym ýaryşyna 10 ýyllyk arakesmeden soňra gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Ýaryşyň «B» toparçasynda Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň garşydaşlary Özbegistanyň, Bahreýniň we Täjigistanyň ýygyndylary bolar. Her toparçadan iň güýçli iki ýygyndy ýaryşyň çärýek final tapgyryna çykar.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň toparçalaýyn tapgyrdaky duşuşyklary aşakda görkezilen günlerde geçiriler:

• 27-nji sentýabr: Özbegistan — Türkmenistan

• 29-njy sentýabr: Türkmenistan — Bahreýn

• 1-nji oktýabr: Täjigistan — Türkmenistan.