https://turkmensport.com/habarlar/turkmenistanyn-futzal-yygyndysy-aziyanyn-kubogyna-sowsuz-baslady/b3f5UihyEkYnIfk.jpg

Şu gün Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Kuweýtde Aziýa kubogy-2022-däki ilkinji duşuşygyny geçirdi. El-Kuweýt şäherindäki «Saad Al Abdullah Hall» sport toplumynda geçirilen duşuşykda türkmen futzalçylarynyň garşydaşy Özbegistanyň ýygyndysy boldy.

Duşuşyk garşydaş ýygyndynyň 8:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Gollary 6-njy minutda D.Çoriýew, 13-nji we 22-nji minutlarda M.Odilow, 15-nji we 33-nji minutlarda I.Ropiýew, 30-njy minutda D.Rahmatow, 34-nji minutda Ş.Fahriddinow we 40-njy minutda A.Usmonow geçirdi.

Türkmenistanyň ýygyndysy Meretgeldi Baýramow, Geldimyrat Geldimyradow, Maksat Soltanow, Allamyrat Gurbanow we Kadyr Berenow bäşligi bilen duşuşyga başlady.

Türkmen ýygyndysy toparçadaky ikinji duşuşygyny 29-njy sentýabrda Bahreýniň ýygyndysy bilen geçirer.