
Şu gün, 26-njy maýda onlaýn görnüşinde, Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde futzal boýunça Aziýa çempionatynyň final böleginiň bijeleri çekildi.
Geçirilen bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysy “B” toparçada Özbegistanyň, Bahreýniň hem-de Täjigistanyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik aldy.
Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň nobatdakysynyň 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabryndan – 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýt döwletinde geçiriljekdigini ýatladýarys.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Gyrgyz Respublikasynda geçirilen saýlama tapgyryň netijesinde Aziýa kubogy – 2022-niň finalynda çykyş etmäge hukuk gazanypdy.
Merkezi we Günorta sebitde geçirilen saýlama ýaryşynda Gyrgyz Respublikasynyň (3:1), Eýranyň (0:3) hem-de Maldiwleriň (7:0) ýygyndy toparlary bilen “A” toparçada bäsleşen ýygyndy toparymyz 6 utuk toplap, toparçany ikinji orunda tamamlamagy başarypdy.
Çeşme: tff.com.tm