https://turkmensport.com/habarlar/turkmenistanyn-futbol-yygyndysy-2023-nji-yyldaky-dususyklaryna-taze-bas-talimcinin-yolbascylygynda-gatnasar/TCgmDAy9gXbjNP1.jpg

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna täze baş tälimçi bellenildi.

Ýurduň Futbol federasiýasy resmi saýtynda bu wezipä «Ahal» futbol toparynyň baş tälimçisi Mergen Orazowyň getirilendigini habar berdi.

Geçen ýyl Türkmenistanda «Iň gowy futbol tälimçisi» diýlip yglan edilen Mergen Orazow «Ahala» taryhyndaky ilkinji çempionlygyny gazandyrdy. «Ahal» onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň we ýurduň kuboklaryna hem mynasyp boldy.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna geçen ýyldaky duşuşyklarda «Altyn asyryň» baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew tälim beripdi.