https://turkmensport.com/habarlar/turkmenistanly-gyz-pankration-boyunca-kumus-medala-mynasyp-boldy/7IKTsgG0Vx4SMhb.jpg

Türkmenistanly türgen gyz Sewara Abdullaýewa sportuň pankration görnüşi boýunça geçirilen "Birinji Halkara Paddubnyý Göreş ligasynyň" ýaryşynda kümüş medalyň eýesi bolmagy başardy. Wideo Teswir

Ýaryşlar 18 — 21-nji maý aralygynda Moskwa şäherinde geçirildi. 

Sewara Abdullaýewa ýaryşda 64 kilogram agramda çykyş etdi. Sewara final tapgyryň tutluşygynda russiýaly türgen Aleksandra Gorbaçýowadan ýeňildi. 

25 ýaşly türkmenistanly türgen gyz häzirki wagtda Sankt-Peterburg şäherinde ýaşaýar. Ol gyzlaryň arasyndaky garyşyk söweş sungatynyň ýaryşlarynda ilkinji tutluşygyny geçen ýylyň dekabrynda geçirdi.

Çeşme we surat: wrestlingtv.ru