https://turkmensport.com/habarlar/turkmenistanly-dzyudocylar-daskentde-geciriljek-dunya-cempionatyna-gatnasar/IlpzCFBNAKXRMy5.jpg

Türkmenistanly dzýudoçylaryň dördüsi 6-13-nji oktýabr aralygynda, Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar.

Dzýudo boýunça halkara federasiýanyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, baýrak gaznasy 1 million ýewro boljak 35-nji dünýä çempionatynda Türkmenistana erkekleriň arasynda 60 kilograma çenli agram derejesinde Hakberdi Jumaýew we Aýbek Ömirow, zenanlaryň arasynda bolsa 48 kilograma çenli agram derejesinde Aksoltan Hojageldiýewa bilen 63 kilograma çenli agramda Zülhumar Daşgynowa wekilçilik eder.

Özbegistan dzýudo boýunça dünýä çempionatyny taryhynda ilkinji gezek kabul edýär. Tutluşyklar Daşkent şäherindäki «Humo Arena» sport köşgünde geçiriler.

Özbek metbugaty dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin 87 döwletden 584 dzýudoçynyň Daşkentde jemlenýändigini ýazdy. Ýaryşlar jemi 14 agram derejesinde geçiriler. Dünýä çempionatynda gazanyljak üstünlik, dzýudoçylaryň 2024-nji ýylda Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligini has-da artdyrar.