https://turkmensport.com/habarlar/turkmenistanly-agyr-atletikacylar-ankarada-geciriljek-halkara-yarysa-gatnasar/EYs9OuKE3iCKzUf.jpg

15 ― 17-nji noýabr aralygynda agyr atletika Türkiýäniň Ankara şäherinde Naim Süleýmanoglunyň ýadygärligine bagyşlanan II halkara ýaryş geçiriler. Bu barada Orient habar berdi.

Iri synagda çykyş etmek üçin Türkiýe Respublikasynda boljak türkmen wekiliýetine bäş türgeniň agzalyk etmegine garaşylýar. Bu topara iki tälimçi wekilçilik eder. Şeýle-de halkara derejeli türkmenistanly eminleriň biriniň ýaryşa gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda bu ýaryşa gatnaşjak türkmen türgenleri Gökdere jülgesinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler.

Ýeri gelende bellesek, Naim Süleýmanogly agyr atletikanyň taryhynda üç gezek olimpiýa çempiony bolmagy başaran ilkinji türgendir. Ol ýedi gezek dünýäniň çempiony bolmagyň hötdesinden gelipdi. Şeýle-de dünýä rekordlarynyň 46-synyň eýesidir.