https://turkmensport.com/habarlar/turkmenistanda-turgen-talyplaryn-okuw-meyilnamasy-baradaky-tertip-tassyklandy/eqx86JNdR89coON.jpg

Türkmenistanda halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk görýän türgen talyplaryň okuw meýilnamasynyň Tertibi tassyklanyldy. Dolulygyna «Dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna we çärelerine gatnaşýan sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň Türkmenistanyň umumy bilim we hünär bilimi edaralarynda okaýan agzalaryny özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça okatmagyň Tertibi» diýlip atlandyrylýan bu resminama Adalat ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Tertibe laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna hünär bilimi edarasynda okaýan we özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça okatmaga geçirilen türgenlere dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna we çärelerine taýýarlyk görülýän we olara gatnaşylýan döwürde talyp haky bellenen tertipde tölenilýär.

Tölegli esasda bilim alýan we özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça okatmaga geçirilen türgenleriň okuw tölegleri dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna we çärelerine taýýarlyk görülýän we olara gatnaşylýan döwürde bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça okuwlar okuw otaglarynda ýa-da özbaşdak iş görnüşinde degişli mugallymyň iş wagtynyň çäginde geçirilýär.

Türgenler özbaşdak okuw meýilnamasyny doly derejede özleşdirmäge, okuw dersleri boýunça özbaşdak taýýarlanmaga we ýumuşlary ýerine ýetirmäge, bellenen tertipde synpdan-synpa geçiş, sepgit synaglaryny, okuw dersleri boýunça ýyllyk synaglary, hasaplary, okuw işleriniň netijeleriniň aralyk jemlemesini (aralyk synaglary), şeýle hem jemleýji döwlet synaglaryny tabşyrmaga borçludyrlar.

Özbaşdak okuw meýilnamasynyň talaplaryny ýerine ýetirmedik türgenler okuwyna ýetişmeýän hasap edilýär we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, olara bellenen tertipde degişli çäreler ulanylýar.

Tertip bilen dolulygyna şu salgydan tanşyp bilersiňiz.