https://turkmensport.com/habarlar/turkmen-wekiliyeti-v-yslam-raydaslygy-oyunlarynyn-geciriljek-saherine-bardy/IILaV0EO7VJvoOg.jpg

Türkmenistanyň wekiliýeti V Yslam Raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna bardy. Oýunlar 9-18-nji awgust aralygynda Konýa şäherinde geçiriler.

V Yslam Raýdaşlyk oýunlaryna, takmynan, 54 döwletden 3500 töweregi türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türgenler sportuň 23 görnüşi boýunça, ýagny ýeňil atletika, ýaý atmak, basketbol 3x3, boççe, futbol, welosport (trek, şosse), gylyçlaşmak, gimnastika (sport, çeperçilik, aerobik), gandbol, dzýudo, karate, kikboksing, sport atyşyk, suwda ýüzmek, stol tennisi, taekwondo, woleýbol, agyr atletika, sport göreş (erkin we grek-rim) görnüşleri boýunça ýaryşlarda özara bäsleşerler. Şeýle hem, bu oýunlarda sportuň para görnüşlerinden ýeňil atletika, stol tennisi, suwda ýüzmek we ýaý atmak boýunça ýaryşlar gurnalar. Tanyşdyryş sporty hökmünde, milli ýaýdan ok atmak görnüşinden hem ýaryşlar geçiriler.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynyň ýazmagyna görä, Türkmenistan bu oýunlaryň ýeňil atletika, ýaý atmak, basketbol 3x3, welosport (trek, şosse), gylyçlaşmak, gimnastika (çeperçilik), dzýudo, karate, kikboksing, suwda ýüzmek, agyr atletika, sport göreş (erkin we grek-rim) we adaty ýaýdan ok atmak ýaryşlaryna gatnaşar.