https://turkmensport.com/habarlar/turkmen-wekiliyeti-carwadarlaryn-dordunji-butindunya-oyunlaryna-gatnasmak-ucin-turkiya-gitdi/AP89uDE0sBLYoJg.jpg

Çarwadarlaryň dördünji Bütindünýä oýunlaryna gatnaşýan türkmen ýygyndysy düýn ýaryşyň geçiriljek ýeri bolan Türkiýäniň Bursa şäherine gitdi. Türkmen wekiliýeti şäherde myhmansöýerlik bilen garşylandy.

Türkmen metbugatynda ýazylyşy ýaly, türkmenistanly türgenler ýaryşa Gökdere jülgesindäki «Ýaşlyk» sagaldyş-dynç alyş merkeziniň binýadynda geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bilen taýýarlyk gördüler. Türgenleri Nuraly Lollykow, Şöhrat Mämmedow, Daýanç Orazmuhammedow ýaly tälimçiler taýýarlady. Wekiliýetiň düzüminde şeýle hem Çary Akmämmedow, Ýaşuzak Mämmetnazarow, Abdylla Berdiliýew ýaly tälimçilerdir resmi adamlar hem bar.

Ýaryşlara Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary hem-de Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň esgerleri gatnaşar.

Türkiýe Respublikasynyň Bursa welaýatynyň Iznik etrabynda geçiriljek Çarwadarlaryň dördünji Bütindünýä oýunlary ertir başlanyp, 2-nji oktýabrda jemlener. Türkmen türgenleri bu oýunlarda guşakly göreşiň alyş görnüşi, pahlawani, gazak göreşi we kuraş görnüşleri boýunça guraljak ýaryşlara gatnaşarlar.