https://turkmensport.com/habarlar/turkmen-turgenleri-karate-boyunca-yewraziyanyn-cempionatyna-gatnasar/tBE5eEDdBcYzmr4.jpg

Dekabrda türkmenistanly türgenlere iri halkara ýaryşlaryň birnäçesi garaşýar. Şolaryň biri-de Antalýada (Türkiýe Respublikasy) guraljak kýokuşinkaý karate hem-de aşihara karate boýunça Ýewraziýanyň çempionatydyr.

Ýaryşa Seýran Potarowyň hem-de Farhat Jumaýewiň tälimçiligindäki türkmen topary gatnaşar. Bu ýerde türkmenistanly türgenlerden Joşgun Täçmedow, Rejepmyrat Akmyradow, Ýazmuhammet Aşyrmyradow, Maksat Annagylyjow, Döwletýar Allowow, Daýanç Gylyçdurdyýew, Hormat Annagylyjow hem-de Myrat Ekäýew dagy çykyş eder. Gyzlardan bolsa Dürdäne Nazargylyjowanyň, Gülçemen Babaýewanyň hem-de Gülnabat Ýazylowanyň abraýly ýaryşda çykyş etmegine garaşylýar.

Ýewraziýanyň çempionaty 14 — 18-nji dekabr aralygynda geçiriler.

Şeýle-de şol günler türkmenistanly ýüzüjileriň Melburnda (Awstraliýa) geçiriljek gysga aralyga suwda ýüzmek boýunça dünýä çempionatynda çykyş etmegine garaşylýar.

Çeşme: turkmensport.com