https://turkmensport.com/habarlar/turk-yygyndysynyn-yewrobasket-2022-den-cekilmegi-mumkin/Dxq8jqP8PeCiuzt.jpg

Türkiýäniň Basketbol federasiýasynyň wise-prezidenti Ömer Onan Ýewro-2022-de Gruziýa bilen duşuşykdan soň (83:88), ýygyndynyň ýaryşdan çekilip biljekdigini aýtdy. Eger guramaçylyk topary gerekli wideoýazgylary bermese, şeýle ýagdaý ýüze çykyp biler.

Duşuşykda türk we gürji basketbolçylarynyň ikisiniň arasynda düşünişmezlik ýüze çykdy. Eminler olaryň ikisini hem oýundan çykardy. Ýöne türk tarapy, «Tbilisi Arenanyň» geýim çalşyrylýan otagyna barýarkalar, özlerine hüjüm edilendigini hem aýtdy.

«Men FIBA-nyň wekilleri bilen gürleşdim. Goý, her kim biziň ýagdaýymyza düşünsin. Biz eýwandaky wideoýazgylary talap edýäris. Eger bu talabymyz kanagatlandyrylmasa, ýaryşdan çekileris» diýip, «Eurohoops» neşiri Onanyň aýdanlaryny getirdi.

Türk ýygyndysy ýaryşda ilkinji gezek ýeňildi. Ýygyndy üç duşuşykda toplan 5 utugy bilen toparçada üçünji orny eýeleýär.