https://turkmensport.com/habarlar/trossard-liwerpula-uc-gol-gecirdi/El1gWYq2upqh7ep.jpg

Az wagt mundan ozal, «Braýtonyň» ýarymgoragçysy Leandro Trossard «Liwerpul» bilen geçirilen oýunda het-trik etdi (3:3).

Belgiýaly oýunçy Angliýa çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň 4-nji, 17-nji we 83-nji minutlarynda tapawutlandy. «Liwerpulyň» gollaryny Firmino (33, 54) we Uebster (63, awtogol) geçirdi.

Ondan öň «Enfilddäki» Premýer-liganyň oýnunda diňe iki oýunçy üç gol geçirmegi başarypdy — Andreý Arşawin («Arsenal» üçin 4 gol) we Piter Ndlow («Kowentri» üçin 3 gol).

Trossardyň şu möwsümde Premýer-liganyň 6 oýnunda 5 goly we 1 asisti bar.