https://turkmensport.com/habarlar/tottenhem-uc-gol-bilen-uc-utuk-gazandy/sAt0uNRzqH6mIPG.jpg

Angliýa Premýer ligasynyň 22-nji tapgyrynyň yza süýşürilen oýnunda “Arsenal” London derbisinde “Tottenhamdan” (0:3) uly hasap bilen utuldy.

Oýunda Keýn iki gol (22' — penalti, 37') geçirdi. Şeýle-de, Son Hyn Min (47') bir gezek tapawutlandy. Wideo Teswir

Bu ýeňişden soň Antonio Konteniň topary dördünji orunda barýan “Arsenal” bilen aratapawudy 1 utuga çenli azaltdy we Çempionlar ligasyna girmek üçin bäsleşmek mümkinçiligini saklady.

Surat: independent