https://turkmensport.com/habarlar/toparsyz-ronaldo-ucin-arap-klubyndan-akyla-sygmajak-teklip/girG4T7mkMEIDZv.jpg

Saud Arabystanynyň «An-Nasr» futbol topary ýakynda «Mançester Ýunaýted» bilen şertnamasyny ýatyran Kristiano Ronaldo akyla sygmajak teklip bilen çykdy.

Arap kluby 37 ýaşly portugaliýaly ýyldyza 2 ýyllyk şertnama üçin 250 million ýewrodan gowrak pul tölemäge razy.

«Marca» neşiri bu klubuň geçen tomusda Ronaldo 242 million ýewro hödürländigini hem ýazdy. Ýöne Ronaldo bu teklibi ret edipdi.

Ronaldo häzir ähli ünsüni dünýä çempionatyna gönükdirmekçi. Ol şondan soň täze topary barada belli bir karara geler.

Er-Riýad şäheriniň «An-Nasr» futbol topary ýerli çempionatyň 8 tapgyryndan soň 19 utuk bilen ikinji orunda barýar.

Çeşme: arabnews.com