https://turkmensport.com/habarlar/tngizt-nyn-futzalcylary-gadymy-merwe-baryp-gorduler/Z4mmQpstD65WK38.jpg

Türkmenbaşynyň Nebitini gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň TNGIZT futzal toparynyň agzalary «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler.

Bu goraghananyň çägindäki binalardyr desgalaryň ÝUNESKO tarapyndan goralýandygyny ýatladýarys. Futzalçylar bu ýadygärliklere zyýarat etdiler.

Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 15 ― 18-nji tapgyrynyň duşuşyklaryny Mary şäheriniň kabul edendigini ýatladýarys.