https://turkmensport.com/habarlar/thekwondo-boyunca-turkmenistanda-koreyaly-talimciler-islap-baslar/wfw3KMt6lzNMpNY.jpg

Ýakyn geljekde Türkmenistanda taekwondo boýunça has tejribeli koreý tälimçileri işläp başlar. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çul olaryň türkmen türgenlerine tälim bermek üçin çagyryljakdygyny habar berdi.

Ilçi Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde taekwondo boýunça geçirilen ýaryşyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, söz sözledi. Koreýa Respublikasynyň ilçisiniň kubogy ugrunda ýaryş geçirildi - diýip, «Mir» HTRK habar berýär.

Ýaryş Türkmenistanyň taekwondo federasiýasy we degişli ilçihana tarapyndan guraldy. Oňa ýurduň dürli künjeklerinden güýçli türgenleriň 130-dan gowragy gatnaşdy.