https://turkmensport.com/habarlar/tff-nin-kubogy-2022-5-nji-hem-de-7-nji-orunlar-ugrundaky-dususyklar-gecirildi-1/G774SVj6Nsbw6iW.jpg

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) kubogy ugrundaky ýaryşda bäşinji hem-de ýedinji orunlary eýelemek üçin duşuşyk geçirildi.

Federasiýanyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, paýtagtyň “Köpetdag” toparynyň ýaşlar düzümini 2:1 hasabynda utan ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysy (U20) TFF-niň kubogynda ýedinji orny eýeledi.

Bäşinji orun ugrunda geçirilen duşuşykda “Merw” “Energetikden” oýundan soňky bellenen 11 metrlik urgularynyň netijesinde üstün çykdy.

TFF-niň kubogynyň ýarym finaly 6-njy iýulda geçirilip, onda “Ahal” “Aşgabat” bilen, “Şagadam” bolsa “Nebitçi” bilen güýç synanyşar.

Bäsleşigiň final duşuşygy 7-nji iýulda oýnalar.

7-nji orun üçin duşuşyk:

“Köpetdag II” – U20 – 1:2

5-nji orun üçin duşuşyk:

“Merw” – “Energetik” – 0:0 (5:4; 11 m.j.u.)

06.07.2021 ý.

Ýarym final duşuşyklar:

18:00 “Ahal” – “Aşgabat”

18:00 “Şagadam” – “Nebitçi”

07.07.2021 ý.

18:00 3-nji orun ugrundaky duşuşyk

18:00 Final