https://turkmensport.com/habarlar/tennisin-in-uly-yyldyzy-karyerasyny-tamamlamakcy/woLLjZQvcr7Dfo0.jpg

«Uly tuwulganyň» 20 gezek çempiony Rojer Federer sosial media sahypasynda karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi.

41 ýaşly şweýsariýaly tennisçi geçen ýylky «Uimbldondan» bäri hiç hili ýaryşa gatnaşmady. Onuň soňky ýaryşy indiki hepde Londonda sergi görnüşinde geçiriljek Leýwer Kubogy bolar.

Umuman, Federeriň 103 çempionlygy bar. 

Şweýsariýaly tennisçi 310 hepdeläp dünýäniň birinji raketkasy bolmagy başardy. Federer yzly-yzyna 237 hepdäniň dowamynda birinji ýerde durdy.

Mundan başga-da, Federer Dewis kubogynyň ýeňijisidir we Pekin-2008 Olimpiýa oýunlarynda ol jübütleýin görnüşinde çempion bolmagy başardy.