https://turkmensport.com/habarlar/ten-hag-we-yunayted-premyer-liga-yenlis-bilen-girisdiler/YZqrfE2DT9leHQw.jpg

Şu gün hem Angliýanyň Premýer-ligasynda täze möwsümiň ilkinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Köpleriň üns merkezinde duran duşuşyklaryň biri-de, Erik Ten Hagyň tälim bermegindäki «Mançester Ýunaýted» bilen «Braýtonyň» arasyndaky oýun boldy.

Eýýäm oýnuň birinji ýarymynda «Braýtonyň» oýunçylary iki gol geçirmegi başardylar. Has dogrusy, iki goly hem bir oýunçy geçirdi — Paskal Gross. Ýarymgoragçy duşuşygyň 30-njy we 39-njy minutlarynda tapawutlandy.

Duşuşygyň 68-nji minudynda ýene «Braýtonyň» oýunçylary bir gol geçirdiler. Ýöne bu gezek «Ýunaýtediň» peýdasyna. Has takygy, bu topy Mak Allister öz derwezesine girizdi.

Ronaldonyň ikinji ýarymda oýna ätiýaçlykdan girendigini ýatladýarys.

Netijede, oýun 2:1 hasabynda «Braýtonyň» peýdasyna tamamlandy.