https://turkmensport.com/habarlar/ten-hag-mana-jogapkarcilikden-gacyan-futbolcylar-gerek-dal/GB12Eg6hX295W5c.jpg

«Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi Erik ten Hag APL-iň 2-nji tapgyrynda topary «Brentforddan» 0:4 hasabynda ýeňlensoň, bu duşuşyk barada öz pikirlerini paýlaşdy.

«Toparyň jogapkärçiligi öz boýnuna almagy gerek. Janköýerlere gynanýaryn.

Futbolçylardan, öz güýjüne kemsiz ynanansoň meýdana çykmagy we ýagdaýlary boýun almagy haýyş etdim, emma olaryň biri hem muny etmedi.

Ýekelikdäki ýalňyşlyklar duşuşygyň gidişini garşydaşlarymyzyň haýryna öwürdi.

Bize täze, has ýokary derejeli futbolçylar gerek. Şeýle topary düzmek üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys».

«Mançester Ýunaýted» soňky 101 ýylyň içinde ilkinji gezek, täze baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda möwsüme bassyr iki utulyş bilen başlady.