https://turkmensport.com/habarlar/taze-transferler-yuwentusa-komek-eder/Na4JvEalq5KLREz.jpg

Şu gün Italiýanyň Serie A çempionatynda 1-nji tapgyryň nobatdaky oýunlary oýnalar. Serie A çempionatynyň ilkinji oýunlarynda çempionlyk hem-de baýrakly orunlar üçin göreşýän toparlaryň ählisi hem ýeňiş gazanmagy başardylar. Öz gezeginde, şu gün “Ýuwentus” hem 3 utuk gazanyp biler. Hawa, Italiýada bu möwsüm çempionlyk üçin bäsdeşlik has hem çylşyrymly bolar.

1-nji tapgyryň gyzykly boljak oýunlarynyň biri hem “Ýuwentus” bilen “Sassuolo” toparynyň arasynda geçiriler. Oýun şu gün, Aşgabat wagty bilen 23:45-da başlar we Turin şäheriniň “Allianz ” stadionynda oýnalar.

“Ýuwentus” tomusky transfer penjiresinde ýokary derejeli oýunçylaryň birnäçesini düzümine goşmagy başardy. Geçen möwsümi 4-nji orunda tamamlandygyna garamazdan, Massimiliano Allegriniň tälim bermegindäki “Ýuwentus” topary bu möwsümde Serie A çempionatynda ýeňiji bolmaga dalaş edip biler.

Allegriniň şägirtleri möwsümara oýunlaryny ynamly geçirmediler. Mümkin, onuň sebäbi - esasy düzüminiň käbir oýunçylarynyň şikesli bolmagydyr. Täze möwsümde tälimçiniň esasy maksady - topary bilen mümkin bolan kubogy gazanmakdyr.

“Ýuwentusyň” düzümine bu möwsümde Pol Pogba, Anhel Di Maria, Gleýson Bremer, Filip Kostiç ýaly ýokary derejeli oýunçylar goşuldylar. Ýokary derejeli düzümi bilen bu topar, eýsem, Çempionlar ligasynda hem üstünlikli çykyş edip biler.

Garşydaş topar “Sassuolo” geçen möwsümi şowly geçirdi diýip bolar. Esasan hem, bu topar hüjümde aýratyn tapawutlandy. Ýöne bu möwsümde “Sassuolo” toparyna Serie A çempionatynda şowly oýunlary görkezmek has hem kyn bolar. Toparyň esasy hüjümçileriniň biri Skamakka “West Heme” transfer boldy. Raspadoriniň hem basym “Intere” goşulmagyna garaşylýar. Netijede, hüjümde diňe Berardi galar. Ol bu ýagdaýdan nägile. Toparyň ýolbaşçylary gidenleriň ýerini tutup biljek oýunçylary getirermikä?!

Häzirlikçe “Sassuolonyň” oýny durnukly däldir. Olar ýakynda Italiýa kubogynyň irki tapgyrlarynda hem utulyp, bu ýaryşdan çykdylar. Şeýle-de, topar Serie B çempionatynda çykyş edýän “Modenadan” 2:3 hasabynda asgyn geldi.

“Sassuolo” toparyna ilkinji tapgyrda “Ýuwentusa” garşy mynasyp oýny görkezmek kyn düşse gerek?! Gürrüňsiz, “Ýuwentus” bu oýnuň açyk faworitidir.

Toparlar geçen möwsümde, Serie A çempionatynda 2 gezek duşuşyp, 1 gezek “Ýuwentus”, 1 gezek hem “Sassuolo” üstün çykmagy başardy. Bu oýunlarda 6 gol geçirildi.

Çaklanylýan maglumat:

Oýnuň birinji ýarymynda 1 gol geçiriler;

“Ýuwentus” 2 gol geçirmegi başarar;

Oýunda 4 goldan kän geçirilmez;

Hasap 2:0 ýa-da 3:1 bolar;

Duşuşykda ýer eýeleri topy özünde kän saklarlar;

“Ýuwentus” uly ähtimallyk bilen utmagy başarar.