https://turkmensport.com/habarlar/sumakow-indi-traktor-ucin-oynar/gg9n2ih5YOfdjgD.jpg

«Traktor» resmi saýtynda Sergeý Şumakowyň transfer edilendigini habar berdi.

Şertnamanyň möhleti 2022/23-nji ýyl möwsüminiň ahyryna çenli hasaplanýar.

Şumakow «Traktor» hokkeý mekdebini tamamlady. Geçen möwsüm hüjümçi «Awtomobilist» üçin 38 oýunda 25 (10+15) utuk gazandy.

Umuman alanyňda, hüjümçi KHL-de 508 oýunda çykyş edip, 285 (137+148) utuk toplady. Şumakow «Sibir», SSKA we «Awangard» ýaly toparlarda hem çykyş etdi.