https://turkmensport.com/habarlar/su-yyl-in-kop-gazanan-turgenler-olaryn-nacesi-futbolcy/jerDjQohUg3YfyL.jpg

Basketbolçy Lebron Jeýms 2022-nji ýylda iň köp girdeji gazanan türgenleriň başyny çekýär.

«Sportico»-nyň berýän maglumatlaryna görä, «Los-Anželes Leýkersiň» hüjümçisi şu ýyl 126,9 million dollar girdeji gazandy. Şunça girdejiniň 90 million dollary mahabatlardan geldi, 36,9 million dollary bolsa klubdan alýan gazanjyndan geldi.

Ýeri gelende aýtsak, ilkinji 100-lükde NBA-nyň 36 basketbolçysy, 25-si amerikan futbolunyň wekilleri, 13-si futbolçy, 12-si beýsbolçy, galanlary sportuň beýleki görnüşleriniň wekilleridir.

Ilkinji 10-luk bolsa şeýle:

1. Lebron Jeýms («Los-Anželes Leýkers», basketbol) – 126,9 million dollar (haky — 36,9 mln, mahabat — 90 mln);

2. Lionel Messi (PSŽ, futbol) – 122 mln (72+50);

3. Kristiano Ronaldo («Mançester Ýunaýted», futbol) – 115 mln (60+55);

4. Neýmar (PSŽ, futbol) – 103 mln (65+38);

5. Saul Kanelo Alwares (boks) ― 89 mln (84+5);

6. Stefen Karri («Golden Steýt», basketbol) – 86,2 mln (41,2+45);

7. Kewin Durant («Bruklin», basketbol) – 85,9 mln (37,9+48);

8. Rojer Federer (tennis) – 85,7 mln (724 müň + 85 mln);

9. Jeýms Harden («Filadelfiýa», basketbol) – 76 mln (40+36);

10. Taýger Wuds (golf) – 73,5 mln (8,5+65).

Çeşme: tribuna.uz