https://turkmensport.com/habarlar/su-gun-fisu-2022-baslar/Q8Rf7w4rGabkZpF.jpg

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Samsun şäherinde sportuň başa-baş söweş görnüşleri boýunça talyplaryň (FISU) Dünýä kubogy başlanýar.

Iri sport baýramçylygyna gatnaşýan uşu boýunça türkmen ýygyndysyny Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyndan Selim Orazow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan Geldimyrat Ataýew, Muhammet Jumamyradow, Maral Ýoldaşewa, Aýgözel Gurbangeldiýewa, Döwletmyrat Güýjow hem-de olara tälim berýän Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Tirkiş Döwletow dagylar düzýär.

Bu ýaryşda grek-rim göreşi boýunça türkmen ýygyndysy hem çykyş eder. Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçi-mugallymy Nepes Gukulowyň ýolbaşçylygyndaky grek-rim göreşinden talyplar toparymyza Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim alýan ussatlar Abduwali Rahimbaýew, Arslanbek Zakirbaýew, Rysgal Kuwwatgeldiýew, Begmyrat Nobatow, Muhammetnazar Jumaýew we Toýly Orazow wekilçilik edýär.

Erkin göreşden tutluşyklara çykjak türkmen toparynyň agzalaryna bolsa Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Batyr Orazgylyjow tälimçilik edýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Mekan Muhammedow, Muhammetmyrat Orazow, Şatlyk Hemelýäýew, Hanmyrat Orazmyradow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda bilim alýan Astanberdi Orazow hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Soltan Sanjar Begenjow ýaly pälwanlar türkmen ýygyndysynyň düzüminde erkin göreş boýunça düşekçä çykarlar.

Türkmen boksçulary hem milli sportumyzyň abraýyny goramak üçin ringe çykar. Ýygyndy toparymyza Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Döwlet Muhanow, Yhlas Gylyçjanow, Zakir Rejepow, Baýramdurdy Nurmuhammedow, Nurýagdy Nurýagdyýew, Taganmyrat Gurbanow, Gözel Ataýewa we Maýsa Waliýewa agzalyk edýär. Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçi-mugallymy Annamyrat Sähedow hem-de Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aliasker Başirow bu topara tälimçilik edýär.