https://turkmensport.com/habarlar/su-gun-altyn-asyr-hem-de-kopetdag-afk-nyn-kubogy-2022-nin-toparcalayyn-baslesigindaki-cykyslaryna-baslarlar/gn2nzdyg4TYUH9i.jpg

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün — 24-nji iýunda paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” hem-de “Köpetdag” toparlary AFK-nyň Kubogy – 2022-niň toparçalaýyn bäsleşigindäki çykyşlaryna başlarlar. 

Ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony “Altyn Asyr” Merkezi Aziýa sebitiniň “E” toparçasynda “SSKA-Pamir” (Täjigistan) bilen oýnar.

Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlajak oýun Duşenbe şäherinde geçiriler.

Geçen möwsüm futbol çempionatymyzy dördünji orunda tamamlan “Köpetdagyň” şu günki garşydaşy bolsa Täjigistanyň “Hujandy” bolar. Toparlar Merkezi Aziýa sebitiniň “F” toparçasynda çykyş edýärler.

Bişkegiň Dolon Omurzakow adyndaky stadionda geçiriljek duşuşyk Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlar.