https://turkmensport.com/habarlar/stol-tennisi-boyunca-balkan-welayatynyn-cempionaty-gecirildi/15eQiwMd6rLwxCx.jpg

Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi TKA-nyň Türkmenbaşy şäher birleşmesi, Türkmenbaşy şäher bilim bölümi bilen bilelikde Türkmenbaşy şäherinde stol tennisi boýunça 2004-nji ýylda we ondan ýokarda doglan oglan-gyzlaryň arasynda Balkan welaýatynyň çempionatyny geçirdi.

Ýetginjek oglanlaryň arasynda Rahym Mämmedow, Hazar Arazow, Dawut Esenow dagy öňdeligi eýeledi.

Uly ýaşly oglanlaryň arasynda Timur Lobžanidze, Ýazgeldi Ýagşygeldiýew, Aleksandr Karpow dagy tapawutlandylar.

Zenanlaryň arasynda Aşyrbibi Annagurbanowa, Humaý Saryhanowa, Meňli Halbaýewa dagy degişlilikde 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp boldular. 

Çeşme: turkmensport

Surat: Google