https://turkmensport.com/habarlar/stefen-karri-nameren-podpisat-poziznennyi-kontrakt-s-under-armour/oN4Njh4kJL3pp0p.jpg

«Golden Steýtiň» superýyldyzy Stefen Karri Under Armour kompaniýasy bilen ömürlik şertnama baglaşmaga ýakyn. Munuň üçin kompaniýa NBA-iň dört gezek çempiony bolan basketbolça 1 milliard dollardan gowrak pul tölär.

Taraplaryň häzirki şertnamasy 2024-nji ýylda tamamlanýar. Indi basketbolçy we kompaniýa Maýkl Jordan bilen Nike kompaniýasynyň arasyndaky şertnama çalymdaş ylalaşyga gelmekçi.

Karri karýerasynyň ilkinji basgançaklarynda Nike bilen işleşdi, ýöne ol 2013-nji ýylda ýyllyk 4 million ýewrolyk girdeji bilen Under Armoura gol çekdi. 2015-nji ýylda şertnama uzaldylanda, basketbolça ýyllyk tölenmeli pul 20 million ýewro çykdy.

Çeşmerollingstone.com