https://turkmensport.com/habarlar/sport-bilen-mesgullanmagyn-ynsan-saglygy-ucin-nahili-ahmiyeti-bar/z68CQXJVephBPuq.jpg

Jemgyýetimizde kämil şahsyýeti terbiýelemekde ata-babalarymyzyň «Sagdyn bedende — sagdyn ruh», «Jany sagyň göwni çag» pähimlerinden ugur alynýar. Dürli ýaşlardaky raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna uly üns berilýär.

Sport bilen meşgullanmak we haýsy-da bolsa maşklary ýerine ýetirmek adam bedenine täsir edýär. Ol ýürek-damar we myşsa-süňk ulgamynyň işini gowulaşdyrýar, ömri uzaldýar. Şeýle hem sport bilen meşgullanmak howply täze döreme keseliniň öňüni alýar, adamyň psihik ösüşini gowulandyrýar we sussupesligi aradan aýyrýar.

Sport bilen meşgullanmak beden agramynyň kadaly ýagdaýyny saklaýar. Sportuň dürli görnüşi bilen meşgul bolmak bedeniň hemme alyş-çalyş hadysalaryny ýokarlandyrýar we myşsalaryň ulalmagyna getirýär.

Sport dürli ýaşdaky adamlarda ýüregiň, öýkeniň we gan damarlaryň işini gowulandyryp, sazlap durýar. Fiziki türgenleşik we çalasynlyk infarktyň we insultyň döreme howpuny peseldýär. Ýokary fiziki işjeňlik işemiýa keseliniň döremek ähtimallygyny azaldýar. Şeýle hem süňkleriň we myşsalaryň sagdyn bolmagyna täsir edýär.

Türgenleşmek üçin oňaýly egin-eşik we aýakgap bolmalydyr. Biziň ýurdumyzda bedenterbiýä we sporta uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berlen dürli sport desgalary sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Pirimkul NAZAROW,

Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýüniň lukmany.