https://turkmensport.com/habarlar/siwasspor-ilkinji-gezek-turkiyanin-kubogyny-aldy/fw9fqPkV6vNqwa5.jpg

"Siwasspor" 55 ýyllyk taryhynda ilkinji kubogyny — Türkiýe kubogyny aldy. Finalda Riza Çalimbaýyň topary "Kaýserispory" (3:2) utup, goşmaça wagtda iki gol geçirdi. Wideo Teswir

2009-njy ýylda "Siwasspor" Türkiýe çempionatynda ikinji boldy. Şeýle hem, klub ikinji ligada iki gezek, üçünji ligada bir gezek çempionlyk gazandy.

Türkiýe kubogynda gazanan ýeňişleriniň sany boýunça rekord eýesi "Galatasaraýdyr". Topar arzyly kuboga 18 gezek mynasyp boldy.

"Siwasspor" Türkiýe çempionatynda 38 oýunda 54 utuk toplap, onunjy orny eýeledi.

Çeşme we surat: Google