https://turkmensport.com/habarlar/sirokov-pervyi-igrok-kxl-sdelavsii-xet-trik-za-4-kluba/hPKYrD41FKvfb6z.jpg

«Awtomobilistiň» hüjümçisi Sergeý Şirokow «Spartagyň» derwezesinden bir duşuşykda üç şaýba geçirdi.

Şeýlelikde, 36 ýaşly hüjümçi KHL-iň Fonbet çempionatynda dört toparda het-trik eden ilkinji hokkeýçi boldy.

Mundan ozal ol «Spartakda» (2021-nji ýyl), SKA-da (2017-nji ýyl) we «Awangardda» (2014-nji ýyl) şeýle üstünligi başarypdy.

Şirokowyň möwsümde 6 oýunda 8 utuk ýygnandygyny habar berýäris.