https://turkmensport.com/habarlar/sewilya-yene-horhe-sampaoli-yolbascylyk-eder/uXI2n24nFTnxbME.jpg

«Marca»-nyň habaryna görä, Andalus klubunyň direktorlar geňeşi Hulen Lopetegi işden aýyrmak kararyna geldi. Çempionlar ligasynyň çarşenbe güni «Borussiýa» garşy boljak oýnunda 56 ýaşly tälimçi topara ýolbaşçylyk eder, ýöne ol ýeňiş gazanaýsa-da, wezipesinden boşadylar.

Sampaoliniň penşenbe güni Sewilýa gelmegine garaşylýar. Argentinaly hünärmen bilen baglaşyljak şertnama 2 möwsümlik bolar.

Sampaoli ozal 2016-njy ýyldan 2017-nji ýyla çenli «Sewilýada» işledi. Onuň iň soňky işlän ýeri şu tomusda terk eden «Marsel» toparydyr.

Lopetegi 2019-njy ýyldan bäri sewiliýalylara ýolbaşçylyk edýär.

La Liganyň 7 aýlawyndan soň Andalus topary 5 utuk bilen 17-nji orunda durýar.