https://turkmensport.com/habarlar/senagatbank-14-nji-yensini-gazandy/fO0gKeuDgXP1vaC.jpg

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda üçünji orny eýeleýän «Senagatbank» 22-nji tapgyrda hem utuk ýitirmedi. Topar Daşoguz şäherinde geçirilen duşuşykda ýaryşyň ahyrky basgançagyndaky garşydaşy «Milli goşuny» 4:2 hasabynda ýeňdi.

Bu ýeňiş «Senagatbankyň» utugyny 44-e çykaryp, dördünjilikdäki «Gümrükçi» bilen 2 utuklyk aralygy goramagyna şert döretdi. 10 utukly «Milli goşun» bolsa ahyrky basgançakda barýar.

5-nji dekabrdan başlap Aşgabatda dowam etjek ýaryşda «Senagatbankyň» indiki garşydaşy TNGIZT topary bolar. «Milli goşun» bolsa şol gün «Daşoguz» bilen güýç synanyşar.

Çeşme: tff.com.tm