https://turkmensport.com/habarlar/sebastian-fettel-karyerasyny-tamamlady-1/QX2DvCxrwtbLjQz.jpg

Dört gezek dünýä çempiony Sebastian Fettel soňky ýaryşyny Abu Dabi Gran-prisinde geçirip, onunjy orny eýeledi. Bu ýaryşda Ferstappen ýeňiş gazandy.

Iýul aýynda, 35 ýaşly Sebastian Fettel şu möwsümiň ahyrynda F1-den çykjakdygyny habar beripdi.

Fettel 2007-nji ýylda «BMW-Zauber» bilen ligada ilkinji gezek çykyş etdi. Şondan soň ol «Toro Rosso», «Red Bull», «Ferrari» we «Aston Martin» bilen bäsleşdi.

Sebastian «Toro Rosso» we «Red Bull»-yň taryhynda ilkinji ýeňişleri gazandy we 2010 — 2013-nji ýyllarda yzly-yzyna dört gezek ýeňiji boldy.