https://turkmensport.com/habarlar/sbornaya-ispaniya-vyigrala-evrobasket-2022/o1FytdzepJWx1NQ.jpg

18-nji sentýabrda Berlin şäherinde Ýewrobasket ― 2022-niň aýgytlaýjy duşuşygy geçirildi.

Finalda Ispaniýanyň ýygyndysy Fransiýany ýeňip, taryhynda dördünji gezek Ýewropanyň çempiony boldy. Bürünç medal ugrundaky duşuşykda bolsa Germaniýa Fransiýadan üstün çykdy.

27+5 utuk toplan Huan Ernangomes Ýewrobasket ― 2022-niň final duşuşygynyň iň gowy oýunçysy saýlanyldy. Onuň dogany Gilýermo Ernangomes bolsa tutuş ýaryşyň iň gowy oýunçysy hökmünde ykrar edildi.