https://turkmensport.com/habarlar/sagadam-turkmenistanyn-kubogynda-yarym-finala-cykdy/bBxO0se7puY0Flc.jpg

Düýn Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda «Energetigiň» derwezesinden jogapsyz iki pökgi geçiren «Şagadam» futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynda adyny ýarym finala ýazdyryp bildi.

Türkmenbaşy şäheriniň ýarym finaldaky garşydaşy paýtagtyň «Aşgabat» futbol topary bolar. Ýarym final duşuşyklarynyň ilkinjisi 26-njy oktýabrda, jogap duşuşygy bolsa 22-nji noýabrda geçiriler.

«Şagadam» – «Energetik» – 2:0 (Birinji duşuşyk: 3:1)

Gollar: 23 Kerim Hojaberdiýew, 58 Roman Galkin.

Duýduryşlar: 39 Aşyrgeldi Saryýew, 56 Baýramgeldi Nurlyýew – 4 Mekan Çaryýew.

Bellik: duşuşygyň 56-njy minutynda «Şagadamyň» oýunçysy Baýramgeldi Nurlyýew 11 metrlik jerime urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

Geçirilen ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.).