https://turkmensport.com/habarlar/ruslan-mingazow-dunya-cempionatynda-gormek-isleyan-final-dususygy-barada-aytdy/73O0dA1qrhSadT0.jpg

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we Gonkongyň «Kitçi» futbol toparynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow şu günler Katarda dowam edýän dünýä çempionatynda görmek isleýän finaly barada pikirlerini paýlaşdy.

Bu barada ol türkmen metbugatyna beren interwýusynda: «Men Argentina - Portugaliýa finalyny görmek islärdim. Ýöne häzirlikçe, bu juda bir mümkin görünmeýär» diýip, Messi we Ronaldonyň ahyrky arzuwyny amala aşyrmagynyň tarapdarydygyny ýaňzytdy.

Ruslan Mingazowyň pikirine görä, fransuzlarda hem Dünýä çempionaty-2018-däki üstünligini gaýtalamaga mümkinçilik bar. «Ýöne olar dünýä çempiony bolan ýyllaryndan bäri köp zat ýitirdiler. Üstesine, olarda basyş hem güýçli. Şeýle-de bolsa, Fransiýanyň ýygyndysynda ozalky üstünligini gaýtalap biljek güýç bar» diýip, Mingazow pikirlerini paýlaşdy.

Çeşme: turkmensport.com