https://turkmensport.com/habarlar/ruslan-mingazow-dunya-cempionatynda-aziyanyn-yygyndylaryna-uly-bil-baglayar/g2UKnuK2DKjRhm1.jpg

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow şu günler Katarda geçirilýän dünýä çempionaty barada pikirlerini paýlaşdy.

Gonkongyň «Kitçi» futbol toparynda çykyş edýän ildeşimiz ilki bilen açylyş duşuşygy barada aýdyp, Ekwadoryň ýygyndysynyň ozalkysyndan has ýokary derejä çykandygyny aýratyn nygtady. Mingazow hem Kataryň ýeňilmegine garaşypdy, ýöne ýerli ýygyndynyň öz janköýerleriniň goldawy bilen has gowy çykyş etjekdigine hem ynam bildiren eken.

Şu ýyl topary bilen AFK-nyň Çempionlar ligasyna hem gatnaşan Ruslan mundialda biziň yklymymyza wekilçilik edýän ýygyndylardan Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň we Eýranyň ýygyndylaryndan gowy netijelere garaşýar.

Bu ýygyndylaryň ikisiniň eýýäm ilkinji duşuşyklary geçirendigini ýatladýarys. Eýranyň ýygyndysy Angliýadan 2:6 hasabynda asgyn gelen bolsa, Ýaponiýa çempionlygyň esasy dalaşgärleriniň biri Germaniýany 2:1 hasabynda ýeňip, mundialyň sensasiýalarynyň birine adyny ýazdyrmagy başardy.

Şeýle hem, Aziýa yklymyna wekilçilik edýän ýygyndylardan Saud Arabystanynyň Argentinany ýeňendigini ýatladýarys.