https://turkmensport.com/habarlar/ruslan-mingazow-31-yasady/0OYl5KrdUPlHP6F.jpg

Düýn - 23-nji noýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we Gonkongyň «Kitçi» futbol toparynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow 31 ýaşady.

Ruslan Mingazow türkmen futbolunda uly yz goýan, häzirki wagtda ýurdumyzyň zenanlar ýygyndysyna tälim berýän Kamil Mingazowyň ogludyr.

Ýokary ligadan daşary Latwiýanyň, Çehiýanyň, Gazagystanyň we Gonkongyň dürli toparlarynda çykyş edýän Ruslan häzirki wagtda 7 goly bilen Gonkongyň çempionatynyň şu möwsüminiň iň netijeli futbolçysydyr.

«Türkmensport» tejribeli futbolçyny doglan güni bilen gutlap, oňa geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýär!