https://turkmensport.com/habarlar/rus-yygyndysy-yewro-2024-den-hem-cetlesdirildi/ulL8TzzwicnDQCI.jpg

Russiýanyň Futbol birleşigi resmi saýtynda ýurduň milli ýygyndysynyň Katardaky dünýä çempionatyndan soň, Ýewro-2024-iň saýlama duşuşyklaryna hem gatnaşyp bilmejekdigini habar berdi. Diýmek, biz rus ýygyndysyny Ýewropa çempionatynda hem görmeris.

«Munuň sebäbi ― UEFA-nyň fewral aýynda gelen netijesi. Geljekde näme boljakdygy heniz belli däl» diýip, birleşik ýazýar.

Häzir birleşik UEFA-nyň bu kararyny Sport arbitaž kazyýetine ugratdy. Şu günler kazyýetden geljek çözgüde garaşylýar.

Ýewro-2024-iň saýlama tapgyry üçin bije çekişligiň 9-njy oktýabr güni, Maýnyň boýundaky Frankfurt şäherinde geçiriljekdigini habar berýäris.

Çempionatyň özi bolsa, 2024-nji ýylyň 14-nji iýuny-14-nji iýuly aralygynda geçiriler. Onuň final tapgyryna goňşy yklymyň 24 ýygyndysy gatnaşar.