https://turkmensport.com/habarlar/roy-kin-men-goryan-zadyma-ynanyp-bilemok/iOVDJrw7ze1RGkV.jpg

“Mançester Ýunaýtediň” öňki oýunçysy Roý Kin “gyzyl şeýtanlylaryň” “Mançester Siti” toparyna garşy görkezen oýnuny tankytlady. “Gyzyl şeýtanlylar” eýýäm oýunyň 1-nji ýarymynda 4:0 hasabynda Hosep Guardiolanyň şägirtlerinden utulýardylar.

“Men görýän zadyma ynanyp bilemok. Belki-de, “Mançester Ýunaýtediň” ýeňşe bolan ynamy ýokdyr. Biz oýundan öň bu topary birnäçe gezek öwdügem. Ýöne oýunyň birinji ýarymynda “Mançester Siti” kynçylyk duýmazdan juda aňsatlyk bilen meýdançada islän zadyny etmegi başardy.

“Mançester Ýunaýted” goragda ýaramaz goranyp netijeli ýalňyşlyklara ýol berdi. Toparyň ýarymgoragynda oýnaýan Maktomini bilen Eriksene bu oýunda gaty kyn düşdi. Entäk ýagdaý has hem erbetleşip bilerdi. Men “Mençester Ýunaýted” şeýle ýaramaz oýnar öýdüp pikir edemokdym” diýip Kin “Sky Sports” teleýaýlymynda aýtdy.

 “Mançester derbisi” gollara baý boldy. Oýun 6:3 hasabynda “Mançester Sitiniň” peýdasyna tamamlandy.