https://turkmensport.com/habarlar/rowsen-meredowyn-topary-su-gun-yoldaslyk-dususygyny-gecirer/6NBfWTamoNC9MKz.jpg

Türkmenistanly tälimçi Röwşen Meredowyň tälim berýän «Kaganat» futbol topary şu gün Özbegistanyň «Neftçi» futbol topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

«Sports.uz» neşiriniň ýazmagyna görä, bu duşuşyk Oş şäherindäki «Sementçi» stadionynda geçiriler. Onuň ýerli wagt bilen sagat 17-de başlanmagyna garaşylýar.

Röwşen Meredowyň şägirtleri Gyrgyzystanyň çempionatynda 19 tapgyrdan soň 27 utuk bilen altynjy orunda barýarlar.