https://turkmensport.com/habarlar/rowsen-meredowyn-topary-ozbegistanda-geciren-yoldaslyk-dususygynda-denme-den-oynady/qOfDi00hLz4gOkS.jpg

Türkmenistanly tälimçi Röwşen Meredowyň «Kaganat» futbol topary Özbegistanda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Kuwasoý şäherindäki «Sementçi» stadionynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda gyrgyz topary Fargona şäheriniň «Neftçisi» bilen güýç synanyşdy. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Duşuşygyň birinji bölüminde «Neftçi» Şahzodbek Ubaýdullaýewiň tapawutlanmagynda öňe saýlanan hem bolsa, şol ýarymyň ahyrynda Röwşen Meredowyň şägirtleri Nurlan Rispaýewiň geçiren goly bilen hasaby deňlediler.