https://turkmensport.com/habarlar/ronaldo-soz-berdi/AkDAZNu7dmNVSir.jpg

“Mançester Ýunaýtediň” ýyldyz hüjümçisi Kristiano Ronaldo Portugaliýanyň Futbol federasiýasynyň gurnan “Quinas de Ouro” gala-agşamynda Katarda geçiriljek dünýä çempionatyndan soň hem milli ýygyndynyň düzüminde oýnamaklygy meýilleşdirýändigini aýtdy.

“Men milli ýygyndynyň düzüminde ýene-de birnäçe ýyl oýnamaklygy dowam edesim gelýär. Mende entägem ýokary derejede çykyş etmeklige uly isleg bar. Portugaliýanyň milli ýygyndysyndaky futbol ýolumy tamamlamak barada pikirem edemok. Häzirki wagtda biziň toparymyzda zehinli ýaş oýunçylar has-da kän. Men Katarda geçiriljek dünýä çempionatynda bolaryn. Geljekde Ýewropanyň çempionatyna hem gatnaşasym gelýär” diýip, 37 ýaşly portugaliýaly hüjümçi aýratyn belledi.

Ronaldo bu dabarada milli ýygyndylaryň derejesinde iň köp gol geçiren oýunçy hökmünde-de aýratyn bir baýraga mynasyp boldy. Ol Portugaliýanyň düzüminde 189 oýunda 117 gol geçirmegi başardy. Häzirki wagtda bu netije dünýä rekordy bolmagynda galýar. Ronaldo bu ugurda eýranly hüjümçi Ali Daeini yzda galdyrdy. Ali milli ýygyndylaryň derejesinde 109 gezek tapawutlanmagy başardy.

Portugaliýaly tejribeli hüjümçiniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan dünýä çempionaty şu ýylyň 20-nji noýabrynda başlar.

Ýewro-2024 ýaryşy bolsa Germaniýada geçiriler. Eger Ronaldo bu arzyly ýaryşa hem gatnaşsa, onda ol azyndan ýene 2 ýyl futbol karýerasyny dowam etdirip biler.