https://turkmensport.com/habarlar/ronaldo-oye-gelenime-sat/jGJLHLGY3n59HFB.jpg

Kristiano Ronaldo Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň ýerleşýän ýerine barmagy bilen bagly habar paýlaşdy.

«Mançester Ýunaýtediň» hüjümçisi sosial ulgamlarynda milli ýygyndynyň türgenleşiginden surat ýerleşdirdi we «Öýe gaýdyp gelendigime begenýärin» diýip ýazdy.

Sentýabr aýynda Portugaliýanyň milli ýygyndysy Milletler ligasynda iki oýun oýnar. 24-nji sentýabrda Fernando Santoşyň topary Çehiýa, 27-sinde bolsa Ispaniýa bilen duşuşar.