https://turkmensport.com/habarlar/ronaldo-gol-gecirip-toparyna-yenis-getirermi-1/4ngYf81K3ti5uhX.jpg

 Şu gün agşam Dünýä çempionatynyň “H” toparçasynyň ikinji oýunynda Portugaliýa bilen Gananyň milli ýygyndysy duşuşar. “H” toparçanyň esasy faworiti bolan Portugaliýanyň milli ýygyndysy ilkinji oýunyny ýeňiş bilen başlap bilermikä?

Portugaliýa bilen Gananyň milli ýygyndysynyň arasynda boljak oýun “Stadion 974” atly stadionda geçer. Duşuşyk şu güni, Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlar. Oýuna Türkmensport saýtyna birikdirilen «Maтч ТВ» kanalynda göni ýaýlymda tomaşa edip bolar.

Portugaliýanyň düzüminde ajaýyp ýyldyz oýunçylar bar

Fernandu Santuş Portugaliýanyň milli ýygyndysyna 8 ýyl bäri tälim berýär. Futbol hünärmenleri bu tälimçiniň ideýasynyň könelendigini nygtaýarlar. Ýöne Santuş Portugaliýa bilen birnäçe kuboklary gazanmagy başardy.

Dünýä çempionatynda Santuşyň düzüminde ajaýyp oýunçylar bolar. Santuş esasan hem tejribeli oýunçylara ynanmagyny dowam edýär. Portugaliýa ýokary derejeli oýunçylardan düzülen düzümi bilen toparçadan ynamly çykmaga ukyplydyr. Ýöne bu göräýmäge aňsat ýaly bolsada, toparçada güýçli milli ýygyndylar jemlenendir. Dünýä çempionatynda arkaýynlaşyp bolmaz.

Portugaliýanyň milli ýygyndysyna onuň esasy ýyldyzy Ronaldo arkaýynlaşmaga ýol bermez. Ronaldonyň bu çempionatda motiwasiýasy çäksizdir. Onuň ýene-de uly sahnada aýratyn tapawutlanasy gelmegi her kime aýandyr.

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň esasy lideri Ronaldonyň soňky döwürde oýnunyň peselmegine garamazdan, häzir hem gysga wagtda netije bermäge ukyplydyr. Karýerasynyň ahyrynda Ronaldo Portugaliýa ýene-de bir kubok gazandyryp bilermikä?

Gananyň milli ýygyndysy syrly topar bolmagynda galýar. Bu milli ýygyndydan nähili netijä garaşyp boljagy belli däl. Ýöne Futbol hünärmenleri Gana toparynyň toparçada soňky oruny eýelär diýip çaklamalary bar. Haçanda bu milli ýygyndydan hiç zada garaşylmasa ol haýran galdyryp biler.

Esasan hem Dünýä çempionatynyň 1-nji tapgyrynda sensasiýaly oýunlar bolup dur.

Çaklanylýan maglumat:

Oýunyň birinji ýarymynda hasap açylar;

Portugaliýanyň milli ýygyndysy 2 gol geçirip biler;

Hasap 2:0, 2:1 ýa-da 1:1 bolar;

Oýunda görkezilen sary kartlaryň sany 4-e ýetmez;

Duşuşykda standart ýagdaýy kän bolup burçdan urulan urgularyň sany 8-e ýeter;

Bu oýunda Fernandes, Ronaldo, Leau, Kudus, Uilýams ýaly hüjüme degişli oýunçylar netijeli tapawutlanyp bilerler;

Oýunda penalty urgusy bolup biler;

Kynlyk bilen bolsa-da, Portugaliýa 1 ýa-da 2 gol aratapawut bilen utup biler.

Teswir ýazmak üçin

Çeşme: turkmensport.com